Bedew batly, Arkadagly Watanym

29 Iýun 2024
28

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Ýörände seýkin basyp, çapanda ýerläp uçýan bedewlerimiz toý-baýramlarymyzyň bezegi, il-günümiziň köňül ganaty, milli buýsanjymyzdyr» diýip belleýär.

Mälim bolşy ýaly, Milli Liderimiziň hut özi ýurdumyzda atşynaslaryň netijeli işlemekleri, atçylyga degişli ylmy işleriň alnyp barylmagy, naýbaşy ahalteke atlarynyň baş sanynyň yzygiderli artdyrylmagy, nesil ugrunyň netijeli dowam etdirilmegi, arassa ganlylygynyň goralyp saklanylmagy, milli atçylyk däpleriniň ösdürilmegi, şeýle hem milli baýlygymyzyň şan-şöhratyny has-da dabaralandyrmak üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi ugrunda bimöçber aladalary edýär. Ýurdumyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy döredildi. Welaýatlarymyzda we paýtagtymyzda atçylyk sport toplumlary, okuw-ylmy merkezleri, athanalar gurlup ulanmaga berilýär. Arkadag şäherinde atçylyk pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň, döwrebap athanalaryň döredilmegi aýdylanlaryň aýdyň mysalydyr. «Akylly» şähere nobatdaky iş saparlarynyň birinde bolsa, Gahryman Arkadagymyz milli atşynaslyk däplerine ygrarly ýaş nesli kemala getirmek maksady bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldamagynda ýaş atşynaslar toparynyň döredilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. «Asman atlarynyň» şöhratyny dünýä ýaýan şeýle beýik işleriň gözbaşynda Milli Liderimiziň bolmagy örän buýsandyryjydyr.

«Arkadag»
Beýleki habarlar