Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherindäki Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna bardy

29 Iýun 2024
66

Arkadag şäheri, 28-nji iýun (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Arkadag şäheriniň çägindäki Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna bardy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde “Irden tur-da, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy” diýen paýhasa eýerip, toplumda idedilýän bedewleriň ýagdaýlary bilen gyzyklandy.

Soňky ýyllarda ahalteke bedewleriniň gadymy mekany hasaplanýan bu ajaýyp künjek düýpli özgerdi. Munuň özi Milli Liderimiziň başlangyjy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli tagallasy netijesinde dag etekleriniň gözel keşbe eýe bolýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Şol bir wagtyň özünde, degişli ekologik ýagdaýynyň saklanmagy ugrunda edilýän aladalar esasynda jenneti mekanyň gür baglyga bürenmegi bu ýerde ýakymly howa gurşawynyň emele gelmegini şertlendirdi.

Beýleki habarlar