Türkmenistanyň Prezidenti kabul etdi

28 Iýun 2024
43

27-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Bek Jung-Wany kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary özara hormat goýmak, ynanyşmak, düşünişmek esasynda yzygiderli ösdürmegiň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň şu aýda Türkmenistana bolan döwlet saparynyň möhüm ähmiýeti nygtaldy. Saparyň netijeleri boýunça geljekki bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýän möhüm ylalaşyklar gazanyldy.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar