Täsirli söhbetdeşlik

24 Iýun 2024
12

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan çap edilen «Magtymguly» kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy welaýatymyzyň ähli şäherdir etraplarynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýär. Şeýle tanyşdyrylyş dabaralarynyň biri  Köneürgenç etrabynyň merkezi kitaphanasynda geçirildi. TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda «tegelek stoluň» başynda geçirilen söhbetdeşlik baý many-mazmuna eýe boldy. Onda TDP-niň etrap komitetiniň bölüm müdiri Gurbannepes Täçmedow, TMÝG-niň etrap geňeşiniň hünärmeni Gülnahal Dädebaýewa, Köneürgenç etrap merkezi kitaphanasynyň syýasy-jemgyýetçilik edebiýatlary bölüminiň kitaphanaçysy Mahym Baýramgylyjowa, neşirleri saklamak we okyjylara hyzmat etmek bölüminiň kitaphanaçysy Ogulsuraý Amanowa dagy çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda şu ýylda giňden bellenilýän Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, şeýle hem ýaňy-ýakynda çapdan çykan «Magtymguly» kitabynyň ähmiýeti barada täsirli gürrüň etdiler. Magtymguly Pyragynyň ajaýyp eserleri ähli döwürlerde hem özüniň gadyr-gymmatyny ýitirmeýär. Üstünden üç asyr geçen hem bolsa, Pyragynyň her bir goşgusy häzirki günlerde hem iň söýlüp okalýan eserleriň hatarynda durýar. Pyragynyň goşgularyny dünýä halklary hem uly höwes bilen okaýarlar. «Magtymguly» kitabynyň türkmen, rus, iňlis dillerinde çap edilmegi akyldaryň goşgulary bilen dünýä halklarynyň ýakyndan tanyşmagyna uly mümkinçilik berýär. Şular dogrusynda giňişleýin çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň at-abraýyny dünýä ýüzünde arşa galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Gülhumar HOJAHMETOWA,
TKA-nyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar