Medeniýetiň, sungatyň baýramy

27 Iýun 2024
75

Şu gün ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda-da Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni uludan baýram edilýär. Şanly sene mynasybetli toý-dabaralar, medeni çäreler geçirilýär.

Irden Türkmenabat şäheriniň «Ýedigen» seýilgähi has-da köpadamly boldy. Bu ýerde welaýat, şäher häkimlikleriniň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, il sylagly ýaşulularyň, medeniýet ulgamynyň işgärleriniň, talyp ýaşlaryň, şäheriň köpsanly ýaşaýjylarynyň gatnaşmaklarynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýuşlyk çäresi geçirildi. Ildeşlerimiz dana şahyryň heýkeliniň öňüne ter gül desselerini goýup, hormat bilen baş egdiler.

Myrat TAGAN ogly,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren Merdan ORAZOW.
Beýleki habarlar