Milli medeniýetiň baýramy

27 Iýun 2024
91

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň dabaralary Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň baýramçylyk çäreleri bilen utgaşýar. Munuň özi “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna özboluşly ruhubelentlik we many-mazmun çaýýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Garaşsyz ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni uly toý-dabaralara beslenýär. Baýramçylygyň şanyna geçirilýän köpöwüşginli çäreler watandaşlarymyzyň kalbynda egsilmez şatlyk we buýsanç duýgularyny döredýär. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny hem bagtyýar halkymyz agzybirlikde, abadançylykda, bir supranyň başynda jem bolup, giňden belleýär.

Nurnazar MÄMMEDOW,
Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary bölüminiň mugallymy.
Beýleki habarlar