Gümrük hyzmatlary döwrebaplaşdyrylýar

26 Iýun 2024
79

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli pudaklaryna giň gerimde ornaşdyrylýan sanly ulgamyň çäksiz mümkinçilikleri halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň üstaşyr ulag geçirijiligini ýokarlandyrmak we halkara logistika ulgamyny ösdürmek babatda möhüm işler durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň gümrük gullugynyň edaralaryna sanly tehnologiýalary we bitewi maglumat toruny ornaşdyrmaklyga hem aýratyn ähmiýet berilýär.

Häzirki wagtda gümrük nokatlarynda ýola goýlan sanly hyzmatlar halkara ýük daşamalaryny amala aşyrýan awtoulaglaryň gümrük serhedinden geçirilmegini tizleşdirmäge mümkinçilik döredýär. «TIR-EPD» sanly ulgamyň, bitewi maglumat torunyň, «Eksport-import amallary üçin bir penjire» we «ASYСUDA World» atly bitewi gümrük maglumat ulgamlarynyň işe girizilmegi bilen ýurdumyzyň gümrük nokatlarynda amala aşyrylýan işleriň netijeliligi has-da ýokarlandy. Sanly maglumat monitorlary arkaly serhetýaka gümrük nokatlarynda daşary ýurtly sürüjileriň gümrük resmileşdirmesine dahylly bolan maglumatlar, resminamalar, gümrük tölegleriniň görnüşleri we möçberi, olaryň hukuk-kanunçylyk esaslary hem-de gümrük amallary hakyndaky beýleki maglumatlar bilen bäş dilde tanyşmagyna mümkinçilik döredildi. Gümrük edaralarynda ornaşdyrylýan sanly ulgamyň mümkinçilikleri haryt-söwda dolanyşygynyň artmagyna, goňşy döwletler bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygyň pugtalanmagyna öz oňyn täsirini ýetirýär.

Berdi MYRADOW,
«Daşoguzdemirýollary» gümrük nokadynyň uly gözegçisi, maýor.
Beýleki habarlar