Medeniýet — milletiň mertebesi

26 Iýun 2024
54

Şu günler ýurdumyzda Medeniýet hepdeliginiň şanly dabaralary uly şatlyk-şowhuna beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de her ýyl Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanýan giň gerimli dabaralar halkymyzyň ruhy hazynasyny aýawly saklamaga, çuňňur öwrenmäge we giňden wagyz etmäge, döredijilik işgärleriniň hünärini kämilleşdirmäge, täze zehinleri ýüze çykarmaga, ilatyň medeni derejesini ýokarlandyrmaga giň gerimli mümkinçilikleri döredýär.

Milli medeniýet halkyň taryhyny we şu gününi, dünýägaraýşyny, ruhy galkynyşyny, özboluşlylygyny özünde jemleýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen milli medeniýetimizi ösdürmek we onuň gymmatlyklaryny dünýä ýaýmak babatda uly işler alnyp barylýar. Şunda gözel paýtagtymyz Aşgabatda gurlan Medeniýet şäherçesi we uly sport ýaryşlary bilen halklary has-da ýakynlaşdyrýan Olimpiýa şäherçesi, Arkadag şäheriniň täsinligi, ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesi, täze gurlan teatrlardyr muzeýler, täsin seýilgähler we gojaman Hazaryň kenaryndaky akylyňy haýrana goýýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bu gün mähriban halkymyzyň gözel kalbynyň owazyny, dünýägaraýşyny, ruhy baýlygyny özleriniň ajaýyp keşbi, gözelligi, myhmansöýerligi, şanly wakalary bilen äleme äşgär edýär. Paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde, welaýatdyr etrap merkezlerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze döwrebap teatrlar, muzeýler, stadionlar, kitaphanalar halkymyzyň hyzmatynda. Bu desgalary synlan her bir ynsan türkmeniň milli medeniýete, ruhy baýlyga goýýan hormatyny, sebitiň we dünýäniň halklary bilen dost-doganlyk hyzmatdaşlygyna bolan hormat-sarpasyny, kämil garaýşyny, köňül arzuwyny inçelik bilen duýýar.

Amanmämmet DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Esenguly etrap birleşmesiniň baş hasapçysy.
Beýleki habarlar