Dabarasy dünýä dolýan hepdelik

26 Iýun 2024
129

Ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp, ýylyň-ýylyna geçirilýän Medeniýet hepdeligi aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Hepdeligiň çäklerinde döredijilik işgärleriniň eziz Diýarymyzyň gazanýan üstünliklerini wasp edýän çykyşlaryna uly orun berilýär. Taryhymyza zer harplar bilen ýazylýan şanly wakalar biri-biriniň üstüni ýetirip, eziz Diýarymyzyň mertebesini artdyrýar. Çünki dost-doganlygy berkidýän medeniýet we sungat parahatçylygyň, ynsanperwerligiň, ruhubelentligiň buşlukçysy bolup, kalplary buýsanja besleýär.

Şu günler Arkadag şäherinde badalga berlen Medeniýet hepdeligi hem uly dabaralara beslenýär. Bu medeni baýramçylyk milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň täze eýýamda ösüşlere beslenýändiginiň subutnamasy bolmak bilen, ruhy--ahlak gymmatlyklarymyzyň, milli däp-dessurlarymyzyň häzirki döwürde barha baýlaşýandygyny görkezýär.

Gyzylgül MÄMMETNEPESOWA,
Gyzylarbat etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar