Sportuň we sagdyn durmuşyň sazlaşygy

26 Iýun 2024
40

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sagdyn durmuş ýörelgesini, köpçülikleýin bedenterbiýäni rowaçlandyrmak, ýokary netijeli sporty has-da ösdürmek babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Diýarymyzyň ähli sebitlerinde gurlup ulanmaga berlen sport desgalary bagtyýar raýatlarymyzyň, esasan hem, ýaşlaryň sport bilen meşgullanýan, bedenlerini berkidýän, şeýle-de gyzykly we çekeleşikli ýaryşlaryň yzygiderli geçirilýän ýerlerine öwrüldi. Dünýä hil derejelerine laýyk gelýän sport desgalarynyň, şol sanda sport mekdepleriniň ýaş nesilleri diňe bir beden taýdan däl-de, eýsem, ruhy taýdan hem terbiýelemekde, olarda maksada okgunlylygy, tutanýerliligi, özlerine bolan ynamy kemala getirmekde uly ähmiýete eýe bolup durýandygynam bellemek gerek. 

Sport häzirki wagtda ähli ulgamlary gurşap aldy. Sagdyn durmuş ýörelgesini, sporty wagyz edýän maslahatlara, duşuşyklara, sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilýän ýaryşlara polisiýa işgärleri hem yzygiderli gatnaşýarlar. Şeýle çäreleriň ajaýyp zamanamyzda asylly däbe öwrülmeginiň oňyn netijelerini berýändigi bolsa guwandyryjydyr.

Bezirgen GOÝUNLYÝEW,
Türkmenbaşy etrap polisiýa bölüminiň Garabogaz şäher polisiýa bölümçesiniň uly gözegçisi, polisiýanyň kapitany.
Beýleki habarlar