Medeniýetiň toýun tutýar Arkadag, hemmeleriň ruhy belent, keýpi çag

26 Iýun 2024
62

Gojaman Köpetdag bilen bereketli Garagum sährasynyň arasynda ak mermere beslenip oturan Arkadag şäheri uzaklardan seredeniňde kölde erkana ýüzüp ýören ak guwa meňzeýär. Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik ylhamyndan kemal tapan «akylly» şäher geçen bir ýylyň içinde dürli medeni çärelerdir ylmy maslahatlaryň, forumlardyr festiwallaryň geçirilýän merkezi hökmünde halkara giňişliginde ykraryny tapdy. Bu günler bolsa Medeniýet hepdeliginiň myhmanlaryna giňden gujak açan täze şäheriň arassa asmanynda ýaňlanýan hoş owazlar bütin dünýä ýaň salýar. Ol owazlary diňlän islendik milletiň wekili toý tutmak däbimize haýranlar galyp, halkymyzyň parahatçylyk söýüji häsiýetine, kalp gözelligine göz ýetirýär.

Aslynda, şatlyk-şagalaňa uly gadyr goýýan sahy hem şahandaz halkymyz ähli zamanlarda-da toýuny toý şekilli geçirip, baýramlaryny dabara besläpdir. Bu barada taryhyň dürli döwürlerinde türkmen topragynda bolan daşary ýurtly jahankeşdelerdir ýazarlar hem öz işlerinde beýan edipdirler. Olaryň ýazgylarynda toý edýän türkmeniň elinde baryny sahylyk bilen orta dökýändigi, toýlarda at çapyşygy, göreş ýaly dürli ýaryşlaryň geçirilýändigi we ýeňijilere uly baýraklaryň gowşurylýandygy, şeýle hem milli oýunlaryň oýnalýandygy, toýa gelenlere halat-serpaý ýapylýandygy haýran galmak bilen beýan edilýär.

Döwrangeldi AGALYÝEW,
«Türkmen dünýäsi».
Beýleki habarlar