Magtymgulynyň medeni mirasy — halkymyzyň ruhy hazynasy

25 Iýun 2024
215

Söz ussady, şygryýet äleminiň şasy Magtymguly Pyragy diňe türkmen edebiýatynyň däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň taryhynda-da uly yz galdyran akyldarlaryň biridir. Türkmen halky üç asyrdan bäri Magtymguly Pyragyny özüniň ruhy goldawçysy, görelde mekdebi, watansöýüjiligiň belent nusgasy hasap edip gelýär. Ýurt Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji günlerimizden başlap, Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny dikeltmek, onuň eserlerini öwrenmek, çap etmek bilen, şahyryň dünýä edebiýatyna goşan goşandyny aýan etmek ugrunda bimöçber tagallalar edilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, 2014-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy dabaraly bellenilip geçildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde bellemek bellenildi.

Gurbangeldi AŞYROW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň agzasy.
Beýleki habarlar