Belent heýkel döwürleriň şuglasy

25 Iýun 2024
45

Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyjy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen paýtagtymyzyň günorta künjeginde, Köpetdagyň eteginde döredilen Magtymguly Pyragynyň belent heýkeli Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp miwesi bolup, çar ýana şöhle saçýar. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda dabaraly ýagdaýda açylan nusgawy şahyryň äpet ýadygärligi hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy paýtagt şäheriň milli binagärlik keşbine aýratyn bezeg berdi.

Magtymguly Pyragynyň ör-boýuna galyp duran nurana ýadygärligi halkymyzyň beýik söz ussadyna, onuň baý many-mazmunly çeper döredijiligine belent sarpasyny aňladýar. Medeni-seýilgäh toplumynda dostlukly halklaryň meşhur şahsyýetleriniň, şahyrlarynyň, akyldarlarynyň döwre gurap oturan heýkelleriniň deňinden geçeniňde, ylham ýaýlasynda seýil edýän ýaly duýgyny başdan geçirýärsiň. Parahatçylygyň, dost-doganlygyň, hoşniýetliligiň aýdyň beýany bolan bu görnüşler ýüreklerde çäksiz buýsanç döredýär.

Ogulbagt BABAÝEWA,
Ahal welaýat kazyýetiniň arhiwçisi.
Beýleki habarlar