Uly täsirleri döretdi

25 Iýun 2024
46

Kaka etrabynyň Hywaabat jülgesindäki «Ýaşyl ýaýla» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde Ahal welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlyk bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ýaşlaryň ýangyn howpy boýunça düşünjelerini artdyrmak maksady bilen geçirilen duşuşyga merkezde dynç alyp, saglygyny berkidýän çagalar gatnaşdy.

Duşuşykda ýurdumyzda ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, berk bedenli, sagdyn ruhly, geljekde durmuşa taýýar düşünjeli adamlar bolup ýetişmegi ugrunda edilýän tagallalar dogrusyndaky täsirli gürrüňe üns çekildi, okuwçy ýaşlara ýangyn söndüriji enjamlaryň doly we dogry ulanylyşy öwredildi, ýangyn howpy dogrusynda giňişleýin düşünje berildi.

Ýazgeldi ÇARYÝEW,
Ahal welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň bölüm müdiri, içerki gullugyň maýory.
Beýleki habarlar