Dünýä belli aýdym-saz festiwaly

25 Iýun 2024
150

Tomus pasly howa durumynyň asuda bolmagy bilen, köplenç açyk howada geçirilýän dabaralara, medeni çärelere baý möwsüm hasaplanýar. Bu döwürde adamlar hem zähmet rugsadyna çykyp, dynç alyş möwsümine gadam basýarlar. Şeýlelikde, dünýäde adamlaryň rahat dynç almagy, wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin dürli dabaraly çäreler guralýar. Dünýäniň ýurtlarynda dürli medeni çäreleriň geçirilmegi ýygjamlaşýar.

ABŞ-nyň Miluoki şäherinde geçirilýän «Summerfest» aýdym-saz festiwaly hem ýüzlerçe aýdymçydyr sazandalaryň, aýdym-saz muşdaklarynyň bolsa ýüz müňlerçesini özünde jemleýän ajaýyp dabaradyr. Festiwal 1968-nji ýyldan bäri her ýyl geçirilýär. 1999-njy ýylda özüniň şüweleňdir şagalaňy, geriminiň giňdigi hem-de köp gün dowam edýändigi bilen tapawutlanan «Summerfest» festiwaly Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyndan hem orun aldy.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Murgap MÄMMEDESENOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar