Bagtyýar zenanlarymyzyň akyldar şahyra bagyşlanan bäsleşigi

24 Iýun 2024
46

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkezinde «Arkadag hem Arkadagly Serdar bilen bagtyýar siz, Pyragynyň wasp eýläni, zenanlarmyz — bagta ýar siz!» atly şygar bilen geçirilen bäsleşigiň jemi jemlenildi. «Türkmengaz» döwlet konserniniň ilkinji zenanlar guramasynyň «Nebit-gaz» gazeti bilen bilelikde Gündogaryň beýik, akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli guran dabaraly baýramçylyk çäresine toplumyň önümçilikleriniň öňdebaryjy işgärleri, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň talyplary we beýleki daşdan-ýakyndan gelen myhmanlar gatnaşdy.

Toýlary toýa ulaşyp gidýän ýurdumyzda döredijilik bäsleşiginiň Gurban baýramynyň yzysüre, Medeniýet hepdeliginiň öňüsyra — 21-nji iýunda geçirilmeginiň özüne ýetesi manysy bar. Ähli obalarymyzda we şäherlerimizde, şol sanda daşary ýurtlarda hem türkmeniň söz ussady Pyraga bagyşlanan dabaralar, maslahatlar, duşuşyklar, medeniýet, sungat, edebiýat çäreleri giň gerimde guralýar. Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň pudaklarynda bu babatda işjeňlik görkezildi. Ynha, şu bäsleşik şol dabaralaryň dowamydyr.

Dädebaý ARAZBERDIÝEW,
«Nebit-gaz».
Beýleki habarlar