Gökderede çagalaryň arasynda

24 Iýun 2024
35

Gökdere jülgesinde çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Bu sapaly ýerde wagtyny hoş geçirýän mekdep okuwçylarynyň müňlerçesiniň her güni şatlyk-şowhuna beslenýär. Gökderede nebitgaz toplumynyň dynç alyş merkezleriniň hem birnäçesi bolup, olarda çagalar ýokary derejede dem-dynç alýarlar we wagtyny netijeli geçirýärler.

Biz ýakynda türkmen tebigatynyň bu ajaýyp künjeginde bolup, çagalaryň dynç alyş şertleri bilen tanyşdyk hem-de «Türkmengaz» döwlet konserniniň Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi bilen bilelikde guran «Sagdyn durmuş ýörelge — neslimize görelde» atly dabaraly çärelerine gatnaşdyk. Ilki baran ýerimiz Gökderäniň jümmüşinde ýerleşýän «Çeşme» dynç alyş merkezi boldy. Ýylyň-ýylyna bolşy ýaly, häzirki wagtda «Çeşmede» ýaş ösdürimleriň ýüzlerçesi dynç alýar. Olar bizi çaga şadyýanlygy bilen şowhunly garşyladylar. Merkeziň medeniýet köşgüniň şowhuny has-da özüne çekýärdi. Bu ýerde dynç alýanlaryň küşt, şaşka, surat çekmek boýunça toparara bäsleşikleri geçirilýärdi. Merkeziň tälimçileriniň, mugallymlarynyň, usulyýetçileriniň gürrüň bermegine görä, merkezde çagalaryň gowy dynç alyp, sport, aýdym-saz bilen meşgullanmagy, çeper edebiýatlary okamagy, dürli oýunlary guramagy, kinofilmlere tomaşa etmegi üçin hemme mümkinçilikler bar. Olar her gün medeni, sport çäreleri boýunça özara bäsleşýärler, şeýle-de merkezara çärelere gatnaşýarlar. Bu çagalaryň wagtynyň gyzykly geçirmegine, kämilleşmegine, bedeniniň taplanmagyna gowy täsir edýär.

Mämmet MÄMMEDOW,
«Nebit-gaz».
Beýleki habarlar