Alysdaky ýakynlyk

24 Iýun 2024
100

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen, ýakynda Ýaponiýada türkmen medeniýetiniň toýuny toýladyk. Halkymyzda haýsydyr bir zadyň at-owazasynyň Arşa galanyny aňlatmak üçin «Dabarasy dag aşypdyr» diýilýär. Günüň dogýan ýurdunda milli medeniýetimize goýulýan sarpany görüp, türkmen sungatynyň dabarasynyň ýeke bir daglary däl, eýsem, ummany hem aşandygyna göz ýetirdik.

Ýaponiýa rowana bolanymyzda, uçarda ýapon ýaşulusy bilen hem söhbet etdik. Ol ömründe bir sapar dadan türkmen gawunynyň tagamynyň henizem agzyndan gitmändigini aýtdy. Ýaponiýada medeniýet günlerimiziň çäklerinde türkmen sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlaryna tomaşa edenler ýaňky ýaşulynyň ýaşyna baryp, ildeşimiz bilen söhbetdeş bolmak miýesser etse: «Watandaşlaryňyz şeýle bir täsirli çykyş edipdi welin, hakydamyzdan gidenok» diýip gürrüň berseler gerek.

Gülnabat BEGENJOWA,
Türkmenistanyň Daşary işleri ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar