Medeniýetiň baýramy

24 Iýun 2024
886

Türkmen halky asyrlaryň dowamynda öz medeniýetini ösdürip gelen halk. Medeniýet — halkyň kalby. Bu gün türkmen halky medeniýetiň baýramyny, halkyň kabyndan dörän ajaýyplyklaryň baýramyny belleýär. Bu baýramyň ilkinji gezek  täze akylly şäheri bolan Arkadag şäherinde bellenilmegi kalplarda uly buýsanç döredýär. Medeniýet hepdeligiň açylyş dabarasy täze şäheriň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda geçirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda 2013-nji ýyldan bäri yzygiderli guralýan medeni forum umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna uly goşant goşan halkymyzyň taryhy-medeni mirasy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berip, ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýär.

Akkeýik ALLAGULYÝEWA,
«Diýar»
Beýleki habarlar