Şygyr şalygynyň şuglasy

24 Iýun 2024
226

Şu günler Dänew etrabyndaky edara-kärhanalarda, bilim ojaklarynda Magtymguly Pyragynyň täze şygyrlar diwanynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirilýär. Milli parlamentimiziň ýerli wekilleri bu çäreleriň ählisine işjeňlik bilen gatnaşýarlar.

Akyldar şahyryň şygyrlarynyň täze ýygyndysy dünýä okyjylary üçin «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyndaky ajaýyp sowgatlaryň biri boldy. Mälim bolşy ýaly, täze kitabyň çapdan çykandygy barada ilkinji gezek şu ýylyň 17-nji maýynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz habar beripdi. Hut şol gün paýtagtymyzda akyldar şahyryň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumy we bu toplum bilen birlikde Magtymguly Pyragynyň dünýädäki iň beýik ýadygärligi açylyp, ulanylmaga berildi. Ine, şol günden bäri täze kitap dilden-dile, elden-ele geçip, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde watandaşlarymyz onuň bilen ýakyndan tanyşýarlar.

Laçyn HAÝDAROWA,
Dänew etrabyndaky 22-nji «Erteki» çagalar bakja-bagynyň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.
Beýleki habarlar