Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

23 Iýun 2024
234

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 5-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Serbiýadan we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen arassalanmadyk buýan köküni we kök baldaklaryny, şeýle hem Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen portlandsementi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 637 müň 500 amerikan dollaryna deň boldy.

TDHÇMB.
Beýleki habarlar