Türkmenistan Gazagystana serhetýakasebitlerde söwda öýlerini açmagy teklip etdi

23 Iýun 2024
67

Türkmenistan Gazagystana ýurduň serhetýaka sebitlerinde söwda öýlerini açmagy teklip etdi. Bu teklibi Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Begenç Goçmollaýew Gazagystanyň söwda we goşulyşmak ministri Arman Şakkaliýew bilen golaýda Astanada geçirilen duşuşykda mälim etdi.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň çäklerinde ministrler iki ýurduň arasyndaky söwdanyň mundan beýläk-de ösüşiniň üpjün edilmegi we onuň oňyn depgininiň saklanylmagy üçin ähli tagallalary amala aşyrmagy ylalaşdylar.

Mekan ANNAÝEW,
«Türkmendemirýollary» agentliginiň iş dolandyryjysy, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.
Beýleki habarlar