Pakistanyň wekiliýeti söwda boýunça gepleşikleri geçirmek üçin Türkmenistana geler

23 Iýun 2024
69

Pakistanyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri Rana Tanwir Husseýniň ýolbaşçylygyndaky ýokary derejeli wekiliýet şu ýylyň 24 — 26-njy iýuny aralygynda Türkmenistana geler we ikitaraplaýyn söwda we maýa goýumlary üçin täze mümkinçilikleri öwrener. Bu barada Pakistanyň milli habarlar gullugy penşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Pakistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atajan Möwlamow bilen penşenbe güni geçirilen duşuşykda Rana Tanwir Husseýn Türkmenistan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň Pakistanyň Hökümeti üçin ileri tutulýan ugurlaryň biridigini nygtady. Şeýle hem Pakistanyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri wekiliýetiň Türkmenistana saparynyň gün tertibini ösdürmekde möhüm orny eýelejekdigini aýtdy.

Çeşme: business.com.tm
Beýleki habarlar