Çagalaryň Awazadaky şadyýan pursatlary

23 Iýun 2024
180

Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi gözel Awazanyň kenaryndaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň sekizisinde dowam edýär. Bu ýerde çagalaryň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ähli mümkinçilikler bar. Has takygy, «Daýanç» sagaldyş merkezinde hem çagalaryň tomusky dynç alyş günleriniň ikinji tapgyry dowam edýär. Bu tapgyrda merkezimiz üç ýüze golaý çagany kabul etdi. Merkezimizde çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna görä toparlaryň onusy bolup, olaryň ýörite atlary we şygarlary bar.

Ekologiýa taýdan arassa, jana şypaly deňziň hoştap howasy çagalar üçin aýratyn melhemdir. Sagaldyş merkezimizde çagalar üçin ýörite üsti açyk we ýapyk howuzlar bolup, olarda çagalar üçin suwa düşmäge doly şertler bar. Oýun oýnamak üçin ýörite meýdançalar hem çagalara aýratyn joşgun berýär. Futbol, woleýbol, basketbol meýdançalarynda sport ýaryşlary yzygiderli guralýar. Kino, okalga, oýun zallarynda çagalar wagtlaryny şadyýan geçirýärler. Mundan başga-da, döredijilik bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda hem çagalar başarnyklaryny görkezýärler. Golaýda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga bagyşlanan döredijilik bäsleşigi, «Salam tomus!» atly surat bäsleşigi we stoluň üstünde tennis oýnamak boýunça ýaryş hem işjeň ýagdaýda geçirildi. Oňa bu ýerdäki çagalar uly höwes bilen gatnaşdylar.

Şamar SAPAROW,
«Daýanç» sagaldyş merkeziniň guramaçylyk we medeni köpçülik bölüminiň müdiri.
Beýleki habarlar