Ýaşlar — döwrüň güýji

21 Iýun 2024
114

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, döwrebap bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza peşgeş beren «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly baý mazmunly kitabyny okanyňda, ýaşlaryň durmuşymyzda uly orun tutýandygyna, olara uly ynam bildirilýändigine aýdyň göz ýetirmek bolýar. Bilim ulgamynda belent derejelere eýe bolan Türkmenistan döwletimiz dünýä ýurtlarynyň ylym-bilim merkezleri bilen gatnaşyklary yzygiderli giňeldýär. Bu bolsa türkmen ýaşlarynyň häzirki zaman ylmyny çuňňur öwrenmeklerine, şeýle-de daşary ýurt dillerini netijeli özleşdirmeklerine giňden ýardam edýär.

Rejepnur ATAÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bäherden etrap geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar