Çagalygyň bagtyýar pursatlary

21 Iýun 2024
95

Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi ýurdumyzyň ähli sebitlerinde gyzgalaňly dowam edýär. Özboluşly tebigy aýratynlyklary, ýakymly howa gurşawy bilen tapawutlanýan dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde çagalar wagtlaryny şadyýan hem-de täsirli geçirýärler.

Bilşimiz ýaly, Gökdere jülgesi — iň ajaýyp başdan geçirmeleriň mekany. Bu gözel künjekde dynç alýan çagalar üçin tomusky dynç alyş möwsümi turuwbaşdan aýratyn ýatdagalyjy pursatlara baýlygy bilen tapawutlanýar. Körpe nesillerimiz özleri üçin döredilen mümkinçiliklerden peýdalanyp, dürli ýaryşlara we özleriniň höwes edýän gurnaklaryna işjeň gatnaşýarlar. Berkarar Watanymyzy, beýik döwrümizi, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerini wasp edýän aýdym-sazly çykyşlar, şowhunly baýramçylyk çäreleri, sport ýaryşlary, döredijilik bäsleşikleri şadyýan çagalaryň kalbynda egsilmez joşgun we buýsanç duýgularyny döredýär.

Nurmuhammet DÖWLETOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar