Asylly işleriň belent ykrarnamasy

21 Iýun 2024
89

Parahatçylyk, ynanyşmak, dialog. Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan hem-de hormatly Prezidentimiz tarapyndan täze derejä çykarylýan daşary syýasatymyzyň özenini düzýän bu gymmatlyklar häzirki döwürde bütin dünýäde uly ähmiýete eýedir. Bitarap Türkmenistanyň adamzadyň müňlerçe ýyla uzaýan taryhy tejribesi esasynda kemala gelen gymmatlyklary Ýer ýüzünde parahatçylygy we gülläp ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirýän tagallalaryna Milletler Bileleşigi tarapyndan mynasyp baha berilýär. Şu ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň Başlygynyň orunbasarlygyna biragyzdan saýlanylmagy hem bu hakykatyň nobatdaky subutnamasydyr.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan sebit we dünýä derejesinde halkara hyzmatdaşlyk meselelerine jogapkärli çemeleşmek bilen, wajyp wezipeler boýunça oňyn çözgütleri işläp taýýarlamak babatda tagallalary utgaşdyrmaga uly goşant goşýar. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik häsiýetli gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Howpsuzlygyň bitewüligi, onuň dürli ugurlarynyň bölünmezligi we özara baglanyşyklylygy ýörelgesine eýerýän Türkmenistan BMG-niň strategik wezipeleriniň ählisini ýerine ýetirmegiň, şol sanda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň möhüm şerti hökmünde ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek üçin Milletler Bileleşiginiň syýasy-diplomatik gurallaryndan we belent abraýyndan netijeli peýdalanmagyň tarapdary hökmünde çykyş edýär. Ýurdumyzyň alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasaty halkara giňişlikde ykdysady, energetika, ulag, suw, ylym-bilim, medeni, ynsanperwer, kanunçylyk, lukmançylyk, ekologiýa, ýaşlar, sport ýaly ençeme ugurlary ilerletmek üçin giň mümkinçiliklere ýol açýar. Munuň özi döwletleriň we halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi, dostluk we ynanyşmak gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýär.

Ahmet GELDIÝEW,
«Watan».
Beýleki habarlar