Ruhubelentlige beslenen dabaralar

21 Iýun 2024
329

Ýurdumyzyň orta mekdeplerinde uçurymlara orta bilim hakyndaky şahadatnamalaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Şu ýyl welaýatymyz boýunça ýaşlaryň 20662-si orta mekdepleri tamamlady. Jemleýji döwlet synaglaryny üstünlikli tabşyran ýaşlar orta bilim hakyndaky şahadatnamalaryň eýeleri boldular. Şu mynasybetli mekdeplerde guralan dabaralarda çykyş eden mugallymlar, il sylagly ýaşulular uçurymlara geljekki özbaşdak durmuşynda uly üstünlikleri arzuwladylar, ulus-ilimize wepaly bolmagy sargyt etdiler. Uly ruhubelentlige beslenen dabaralar aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdy.

Beýleki habarlar