Wagtlaýyn sergi açyldy

21 Iýun 2024
95

Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Medeniýet — ruhubelentligiň çeşmesi» atly wagtlaýyn sergi açyldy. Serginiň açylyş dabarasyna medeniýet we sungat işgärleri, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Dabaranyň başynda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, kompozitor Batyr Soltanowyň çykyşy diňlenildi. Şeýle-de dabara Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Agamyrat Soltanowyň, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri Gülüstan Hudaýarowanyň täsirli çykyşlary bilen dowam etdi. Olar çykyşlarynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy çuňňur öwrenmegiň hem-de kämilleşdirmegiň, Ýer ýüzüniň halklary bilen medeni gatnaşyklary berkitmegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny, munuň üçin bolsa ýurdumyzda medeniýetiň we sungatyň hak Howandarlary Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary edýändiklerini nygtadylar. Döredijilik işgärleri döredilýän mümkinçilikler, özlerine goýulýan sylag-sarpa, ýokary baha üçin hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdyp, ajaýyp döwrümiziň waspyny her bir sungat eserinde ýetirip durjakdyklaryny buýsanç bilen beýan etdiler.

Maral HOJAKULYÝEWA,
welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar