Zenanlarymyz bagta ýar

21 Iýun 2024
88

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlarynyň esasynda milli däp-dessurlarymyzy giňden wagyz-nesihat etmäge uly ähmiýet berlip, bu ugra bagyşlanan duşuşyklary, bäsleşikleri, maslahatlary guramaga, jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Şonuň esasynda düýn — 21-nji iýunda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny dabaralara besläp, medeniýetiň toýunyň toýlanýan günlerinde «Türkmengaz» döwlet konserniniň ilkinji zenanlar guramasynyň «Nebit-gaz» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde guramagynda «Arkadag hem Arkadagly Serdar bilen bagtyýar siz, Pyragynyň wasp eýläni, zenanlarmyz — bagta ýar siz!» diýen şygar bilen dabaraly çäre geçirildi.

Dabarada akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň nebitgaz senagaty toplumynyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işgärleriň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň jemini jemlemek we ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Şeýlelikde, birinji orna «Türkmennebit» döwlet konserniniň TNGIZT-niň ilkinji partiýa guramasynyň başlygy, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Halk maslahatynyň agzasy Şemşat Nefesowa, ikinji orna «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Geologiki maglumatlar merkeziniň inženeri Ogulsuraý Garaýewa, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Nebit-gaz» gazetiniň uly habarçysy Akgül Saparowa, üçünji orna «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýörite işler boýunça esasy hünärmeni Gülşat Myratmuhammedowa, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş» müdirliginiň esasy ykdysatçysy Maýsa Hallyýewa, şeýle hem «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň «Aşgabatgaz» müdirliginiň hünärmeni Baýramgül Setdarowa dagy mynasyp bolup, gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar.

«Watan».
Beýleki habarlar