Jemleýji tapgyry geçirildi

21 Iýun 2024
136

Düýn ― 20-nji iýunda «Gülzaman» toý mekanynda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň guramagynda yglan edilen «Barymyzy şärik edýär ägirt şöhrat-şanyna, pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň maksady Türkmenistanyň bank ulgamynda zähmet çekýän işgärleriň arasynda  zehinlileri öňe çykarmak bolup durýar. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen bäsleşigiň jemleýji tapgyry iki tapgyrda geçirildi.

Birinji tapgyr Arkadag şäherinde, Mary, Lebap, Ahal, Balkan we Daşoguz welaýatynda öňki geçirilen bäsleşikde birinji orna eýe bolan banklaryň arasynda geçirildi. Netijede, 1-nji orna Arkadag şäherindäki merkezi bank, 2-nji orna «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň Ak bugdaý şahamçasy, 3-nji orna «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň Sarahs şahamçasy mynasyp boldy. Ikinji tapgyr  Türkmenistanyň bank ulgamynyň Aşgabat şäherinde ýerleşýän merkezi edaralarynyň arasynda geçirildi. Onda 1-nji orny Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky,  2-nji orny «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky, 3-nji orny bolsa «Senagat» paýdarlar täjirçilik banky eýeledi. Ýeňiji bolanlara sowgatlar gowşuryldy.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar