Kaf­ka­nyň ha­ty sa­ty­lar

21 Iýun 2024
88

Frans Kaf­ka­nyň ha­ty auk­si­on­da sa­ty­lar. Bu hat awst­ri­ýa­ly şa­hyr Al­bert E­renş­teý­ne, ýa­zy­jy­nyň dos­ty we ne­şir­çi­si­ne ug­ra­dy­lyp­dyr. Ha­tyň ýa­zy­lan wag­ty bel­li däl. Em­ma bi­ler­men­ler onuň 1920-nji ýy­lyň ap­rel-iýun aý­la­ry ara­ly­gyn­da ýa­zy­lan­dy­gy­ny çak ed­ýär­ler. Şol dö­wür­ler­de Kaf­ka in­çe­ke­sele uçrap, Ita­li­ýa­nyň de­mir­ga­zy­gyn­da­ky Me­ra­no şä­he­rin­dä­ki has­sa­ha­na­da be­jer­gi al­ýar­dy. Ke­sel ýa­zy­jy­nyň ru­hy ýag­da­ýy­na hem düýp­li tä­si­ri­ni ýe­ti­rip, dö­re­di­ji­lik işi­ne bö­wet bol­ýar­dy.

Bar­lag ge­çi­ri­ji­ler Erenş­teý­niň dos­tun­dan özü­niň re­dak­tor­lyk eden ede­bi žur­na­ly «Die Ge­faehr­ten» (Sti­pen­di­at­lar) üçin bir zat­lar ýaz­ma­gy­ny ha­ýyş eden­di­gi­ni çak­la­ýar­lar. Ýö­ne Kaf­ka jo­gap ha­tyn­da üç ýyl bä­ri hiç za­da eli­niň bar­ma­ýan­dy­gy­ny, di­ňe öň­ki ýa­zan zat­la­ry­nyň çap edil­ýän­di­gi­ni ýa­zyp­dyr. Hü­när­men­ler Kaf­ka­nyň hat­la­ryn­da özü­niň eser­le­ri ba­ra­da kän gür­rüň goz­ga­ma­ýan­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler.

Beýleki habarlar