Gal­la ora­gy möw­sü­mi gyz­ga­laň­ly do­wam ed­ýär

21 Iýun 2024
101

Ýurdumyzda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan galla oragy gyzgalaňly dowam edýär. Oba hojalykçylaryň galla oragy möwsümine ähli taraplaýyn ykjam taýýarlyk görmegi, orak möwsüminde ähli işçi düzümiň sazlaşykly alnyp barylmagyna, kärendeçileriň ýylyň dowamynda çeken päk zähmetiniň netijesinde ýetişen hasyly çalt we ýitgisiz ýygnap Watan harmanyna tabşyrmaga uly mümkinçilik berýär. Munuň şeýledigine orak geçirilen ýerleriň gektar sanynyň barha artýandygy, galla harmanlarymyzyň gün-günden beýgelýändiginiň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar.

31-nji maý­da ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de tas­syk­la­nan ter­ti­be la­ýyk­lyk­da, Ahal, Le­bap, Ma­ry we­la­ýat­la­ry­nyň eke­ran­çy­la­ry gal­la ora­gy­na 7-nji iýun­da, Bal­kan we Da­şo­guz we­la­ýat­la­ry­nyň gal­la­çy­la­ry bol­sa 14-nji iýun­da gi­riş­di­ler. Şu ýyl türk­men gal­la­çy­la­ry­na bug­da­ýy ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek üçin bö­lü­nip ber­len 690 müň gek­tar ýer­den 1 mil­li­on 400 müň ton­na, şol san­da Ahal we­la­ýa­tyn­da 400 müň, Ma­ry we­la­ýa­tyn­da 345 müň, Le­bap we­la­ýa­tyn­da 310 müň, Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da 265 müň, Bal­kan we­la­ýa­tyn­da hem 80 müň ton­na gal­la ha­sy­ly­ny ýyg­nap al­mak we­zi­pe­si öň­de go­ýul­dy.

Beýleki habarlar