Energetika ulgamynyň ösüşleri

20 Iýun 2024
98

Elbetde, türkmen jemgyýetinde gazanylýan her bir ösüşler milli kanunçylygyň kämilleşmegi esasynda amala aşyrylýar. Milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn işlerde halkara tejribeler içgin öwrenilýär hem-de olaryň iň ygtybarly ugurlary ornaşdyrylýar. Munuň özi täze taryhy eýýamymyzda kanunçylyk ulgamyny döwrebap kämilleşdirmegiň, olary halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda baýlaşdyrmagyň döwlet işiniň esasy ugurlarynyň biridigini doly tassyklaýar.

Elektrik energetikasy ulgamynda hem döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek we bu ugurda alnyp barylýan işleriň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen, «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň esasy maksady ata Watanymyzyň energiýa çeşmelerini tygşytly ulanmakdan, netijeli peýdalanyp, geljekki nesillerimize hem ýetirmekden, şeýle-de ýaşlary energiýa serişdelerinden tygşytly we netijeli peýdalanmak ruhunda terbiýelemekden ybaratdyr.

Serdar HOJAMGULYÝEW,
Balkanabat şäheriniň prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.
Beýleki habarlar