Ýaşlara orta bilim hakyndaky şahadatnamalar gowşuryldy

20 Iýun 2024
269

2023-2024-nji okuw ýylynda Bäherden etrabyndaky umumybilim berýän orta mekdeplerini tamamlan ýaşlara orta bilim hakyndaky şahadatnamalar dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Tamamlanan okuw ýylynda etrap boýunça ýaşlaryň 1 müň 659-sy mekdep uçurymlary bolup, olar gutardyş döwlet synaglaryny üstünlikli tabşyrdy. Şol bagtyýar ýaşlara orta bilim hakyndaky şahadatnamalaryň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy olaryň durmuşynda ýatdan çykmajak waka öwrüldi.

Bagtyýar ýaşlaryň her biriniň ajaýyp arzuwy bar. Olaryň aglabasy bilimini ýurdumyzyň, ýene bir topary daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde dowam etdirmäge höwes edýär. Munuň üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertlerdir mümkinçilikler döredilendir. Biz ýaşlara durmuşda uly üstünlikleri, maksatlarynyň myrat tapmagyny arzuw edýäris.

Rejepnur ATAÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bäherden etrap Geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar