Maddy we ruhy medeniýetiň ajaýyp sazlaşygy

19 Iýun 2024
120

Älemi şygyrlary bilen bendi eden Magtymguly Pyragynyň döredijilik örüsi örän giňligi hem-de çuňlugy bilen hemmäni haýrana goýýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda çawy dünýä dolan eziz Diýarymyzda şu ýyl akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede toýlanylýar. Goşalanyp gelýän toý-dabaralar ýazdan zyýat ülkämiziň çar ýanynda giň gerime eýe bolýar. Gadymy Änewiň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» derejesine eýe bolmagy bilen bagly geçirilýän dabaralar bilen utgaşyp gelen şanly ýylymyz döredijiligiň, ylham-joşgunyň ýyly bolup, köňüllere ebedilik nur saçýar.

Döwlet Baştutanymyzyň gadymy şäheriň şöhratly taryhyna bagyşlanan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň köňüllere dolmagynda, älem içre aýdym bolmagynda hem çuňňur many bardyr. Hormatly Prezidentimiziň zyýada zehininden joşup çykan köňül kitabyndaky parasatly pikirler kalbyňda Watanyň baý geçmiş taryhyna, ýurduň beýik ösüşlerine bolan buýsanjyňy artdyrýar. Onda akyldar şahyrymyzyň döredijilik mirasy bilen bagly getirilýän maglumatlar has-da täsirli. Kitapda: «Änew dünýäniň maddy medeniýetiniň möhüm sahypasy bolsa, Magtymguly Pyragy dünýäniň ruhy medeniýetiniň ösüşine goşandyny goşan şahyrdyr. Magtymguly Pyragynyň şahsyýet belentligi şahyr diýlen umumy düşünjäniň çäginden has ýokarydyr» diýlip, bellenip geçilýär. Hormatly Prezidentimiz Änewiň şöhratly taryhynyň hem-de Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasynyň dünýäniň ruhy hem-de maddy medeniýetleriniň ösüşinde mynasyp orna eýe bolandygyny nygtaýar. 

Döwletnazar IŞANGULYÝEW,
«Daşoguz habarlary».
Beýleki habarlar