Ilkinji serkerdelik ýoluna gadam basdylar

19 Iýun 2024
140

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan Diýarymyzyň her bir güni milli Ýaragly Güýçlerimiziň taryhynda ýatdan çykmajak şanly wakalara beslenýär. Şeýle ajaýyp wakalaryň biri-de, ýakynda Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň, Türkmenistanyň Serhet institutynyň, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň we Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby-lukmançylyk fakultetiniň nobatdaky uçurymlarynyň gutardyş dabarasydyr.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýokary harby hünär bilimine eýe bolan Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň hem-de ykballaryny mukaddes Watan goragy bilen baglan Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby-lukmançylyk fakultetiniň, şol sanda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň uçurymlary täze durmuş we harby zähmet ýoluna gadam basdylar. Ýokary bilim alyp, ata Watanymyzyň goranyş kuwwatyna, dost-doganlyk serhetleriniň mizemezligine mynasyp goşant goşjak, raýatlarymyzyň asudalygyny, howpsuzlygyny üpjün etjek bu günki uçurymlar ýokary harby okuw mekdebini üstünlikli tamamlaýandyklary, ýokary bilime hem-de ilkinji serkerdelik harby adyna eýe bolýandyklary üçin bagtyýardyrlar. Mundan birnäçe ýyl ozal, harby bilim ojagynyň 1-nji ýyl harby talyplygyna kabul edilen bu günki bagtyýar uçurymlaryň «Harby bilim ojagyny abraý bilen tamamlap, serkerde bolsam, hakyky Watan goragçysy bolup, hormatly Belent Serkerdebaşymyza, mähriban halkymyza, eziz Watanymyza ak ýürekden gulluk etsem!»–diýip arzuwlan, sabyrsyzlyk bilen garaşan pursatlary gelip ýetdi. Olaryň her birine ata Watanymyzyň täze taryhy eýýamynda harby ýokary okuw mekdebini tamamlap, ilkinji leýtenant harby adyny alyp, ýaş serkerdeler hökmünde milli Ýaragly Güýçlerimiziň düzüminde ak ýürekden zähmet çekmek bagty miýesser etdi.

Nedirguly REJEPDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň prorektory, polkownik.
Beýleki habarlar