Belent maksatly ýaşlar

19 Iýun 2024
131

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýagty geljegiň eýeleri bolan ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe hem sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky tagalla döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda hormatly Belent Serkerdebaşymyz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk hem-de iş şertlerini gowulandyrmakda ähli mümkinçilikleri döredip berýär. Bu döredilýän mümkinçilikler Watan goragçylarynyň göwün guşuny ganatlandyrýar.

Ynha, şeýle giň möçberli özgertmeleri yzygiderli durmuşa geçirmekde biziň ýokary harby okuw mekdebimizde zähmet çekýän, öz käriniň hak eýesi bolan mugallymlar, serkerdeler belent maksatly işleri alyp barýarlar. Olar zähmetsöýerlik bilen, ýaş watançylaryň ykbalyny ata Watana baglap, olary geljegi aýdyň Watanymyzyň mynasyp eýeleri edip ýetişdirmek ýaly asylly wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirýärler. Harby ýaşlar institutymyzdaky tejribeli hünärmenler tarapyndan öwredilýän döwrüň öňdebaryjy tehnikalaryna we tehnologiýalaryna ezberlik bilen erk etmek, häzirki zaman türgenleşik enjamlaryny ulanmak ýaly bilimleri özleşdirýärler.

Sapar BAZAROW,
TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň uly mugallymy, podpolkownik.
Beýleki habarlar