Tymsal

19 Iýun 2024
69

Şükürli bol!

Şükürli bolmak barada şeýleräk bir tymsal bar. Garga hem-de totuguş ýaradylanda bigörk ýaradylypdyr. Emma, totuguş bu ýagdaýa närazylyk bildiripdir. Ol şeýle bir owadan bolmak, görenleriň gözüni gamaşdyrmak, haýran galdyrmak isläpdir. Allagatala hem onuň raýyny ýykman, oňa gözellik, owadanlyk bagyş edipdir. Soňra garga hem özünden nägiledir öýdüp, ondan hem owadanlyk isleýändigini ýa-da islemeýändigini sorapdyr. Ýöne garga, özünden göwnüniň hoşdugyny, berlen keşbi üçin şükür edýändigini mälim edipdir.

Beýleki habarlar