Pyragyň ruhy heýkeli her köňülde perwaz bu gün

18 Iýun 2024
107

Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen medeniýetini, türkmen sungatyny, milli edebiýatymyzy, türkmen ykbalyny täze eýýamyň ruhunda dünýä çykarmakda bahasyna ýetip bolmajak beýik işleri alyp barýarlar. Häzirki wagtda ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde Gündogaryň beýik akyldary, türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleri, dabaralary giň gerimde dabaralanýar.

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary bilen Aşgabat şäheriniň görnükli ýerinde, Köpetdagyň belent gerşinde Magtymguly Pyragynyň mertebesi ýaly belentlikde, depesi arşa ýetip duran heýkeliniň dikeldilmegi we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy halkymyzy buýsandyrdy. Dünýä jemgyýetçiliginde joşgun, uly tolgunma döretdi.

Döwletgeldi ANNAMYRADOW,
Türkmenistanyň halk ýazyjysy.
Beýleki habarlar