Arzuwlary hasyl bolan Pyragy

18 Iýun 2024
91

Her bir milletiň ruhy bitewüligi onuň geçmişinden gözbaş alýar. Aý-ýyllar, asyrlar geçse-de, milletiň birligini, geljek üçin guran sagdyn hyýallaryny goran beýik şahsyýetler hiç wagt ýitip gitmeýär. Olar halkyň geçen ýoly, döreden taryhy hakykaty bolup, täze nesilleriň durmuşynda öz beýikligine gowuşýarlar, milletiň parasatlylygyny, beýikligini gorap saklamagyň gözbaşynda durýarlar. Biziň halkymyz bütin taryhy ösüşiň dowamynda beýik şahsyýetleri öňe çykaran we häzirki döwürde olaryň mertebesini arşa göterýän halkdyr. Muny türkmen ruhunyň şamçyragy, beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli durmuşa geçirilýän beýik işlerde hem aýdyň görýäris. Şahyryň saýlanan eserler ýygyndysynynyň — «Magtymguly» atly täze kitabyň giň okyjylar köpçüligine gowuşmagy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyz üçin mynasyp sowgat boldy.

Täze ýygyndyda akyldar şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen goşgulary ýerleşdirilipdir. Türkmen, rus we iňlis dillerinde aýratyn kitaplar görnüşinde neşir edilen bu ýygyndynyň umumadamzat ähmiýetli, ajaýyp kitapdygyny halkara jemgyýetçiligi ykrar edýär. Ol hormatly Prezidentimiz hem-de Gahryman Arkadagymyz tarapyndan beýik söz ussadynyň baý medeni mirasynyň öwrenilmegine, dünýäde giňden wagyz edilmegine uly üns berilýändigini şöhlelendirmek bilen, şu ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary bilen hem ajaýyp sazlaşygy emele getirýär.

Akjemal JUMAMYRADOWA,
Gökdepe etrabyndaky 31-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar