Ada (Tymsal)

18 Iýun 2024
107

Gadym zamanlarda Ýer ýüzünde ruhy gymmatlyklaryň ählisiniň bilelikde ýaşaýan bir adasy bar eken. Emma bir gün ada suwuň aşagyna çöküp başlapdyr. Ruhy gymmatlyklar howul-hara gämilerine münüp, çaltlyk bilen batyp barýan adadan aýrylyp, ýola düşüpdirler. Adada diňe Söýginiň ýalňyz özi galypdyr, onuň özbaşdak gämisi bolmansoň, kimdir-biriniň özüni çagyrmagyna soňky pursada çenli garaşypdyr. Ahyry hiç pursat galmansoň, ol adadan uzaklaşmagyň ugruna çykypdyr.

Şonda ol adanyň ýanyndan ýüzüp barýan Baýlyga ýüz tutup, ondan gämisinden özi üçin ýer bermegini haýyş edipdir. Emma Baýlyk oňa: «Meniň gämimde gaty köp gymmatbahaly şaý-seplerdir altynlar bar, bu ýerde saňa ýer galmady» diýip, ýoly bilen bolupdyr. Söýgi batan adanyň sähelçe galan gury ýerinde durşuna, ýanyndan ýüzüp barýan Gussanyň gämisini görüpdir we ondan ýanyna gelmegini, gämisine mündürmegi haýyş edipdir. Ýöne Gussa oňa: «Bagyşla, Söýgi, men şeýle bir hasratda galdym, gaýga batdym, meniň ýalňyz galmagym gerek» diýip, jogap beripdir. Soňra Söýgi Gedemligiň gämisini görüpdir we ondan kömek sorapdyr. Emma Gedemlik Söýginiň öz gämisindäki sazlaşygy bozjakdygyny aýdyp, çaltlyk bilen ondan uzaklaşypdyr. Bir ýerden Şatlygyň ýüzüp barýanyny görüpdir, ýöne ol öz şowhun-şagalaňy bilen şeýle bir başagaýmyş welin, hatda Söýginiň çagyryşlaryny-da eşitmändir. Ahyry Söýgini umytsyzlyk gaplap alypdyr, lapykeç halda uzaklara gözüni dikip, gark bolmagyna garaşyp duruberipdir. Birdenem arka tarapdan biriniň: «Söýgi, gel men seni ýanyma alaýyn, ýör, bärden gideli» diýen sesini eşidipdir. Söýgi yzyna öwrülip seredende, garry goja gözi düşüpdir. Goja ony gury ýere eltip, öz ugry bilen ýüzüp gidipdir. Biraz wagt geçenden soň Söýgi onuň adyny soramagy unudandygyna düşünip galypdyr. Şonda ol Bilime ýüzlenip:

Taýýarlan Gadam SÖÝEGOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar