Baýramçylyk şowhuny (Durmuş pursaty)

18 Iýun 2024
95

Çaga wagtymyz gurbanlygyň golaýlaýanyny eşidenimizden juda begenerdik. Sebäbi her ýyl gurbanlygyň öňüsyrasynda kakam bize hiňňildik ýasap berse, ejem täzeje köýnek tikip geýdirerdi. Gurbanlyk biz üçin iň hezil baýramdy. Toparlanyşyp, jagylda-jugul bolup ejelerimiziň yzyndan galman oglan-gyzlar bolup barymyz üýşüp gurbanlyk aýlanmaga giderdik. Obada gurulýan uly hiňňildigiň töwereginde bolsa aýdymdyr saz ýaňlanardy. Agşamara hiňňildigiň daşy has-da hezil bolýardy. Hol alysdan gyzyl çog bolup görünýän şaman ody hemmeleri hiňňildigiň başyna çagyrýan ýaly, otly ganatyny galgadýardy. Biz hiňňildigiň gapdalyna barsak gözümiz onuň daşyndaky owadan geýnen uly gyzlarda eglenýärdi. Şonda jigidir doganlaryma aýtmasam-da, içimden basymrak ulalmak barada pikir öwürýärdim. Esasan-da, höwesleýänim gyzlaryň dakynýan kümüş şaý-sepleridi. Bezemen gyzlary synlanymda olaryň assaja ýöreýän ädimine ses goşýan şaý-sepleriň näzijek owazyna maýyl bolýardym. Şaýlaryň sesi islendik aýdymyň sesinden hem ýakymly täsir edýärdi. Bu belki meniň atamyň zergär bolanlygy üçin şeýle bolandyr. Men atamyň ýasaýan şaýlaryna gözügidijilik bilen serederdim. Onuň ussahanasyna girmäge welin çekinerdim. Emma ýüregim şol tarapa atygsar durardy. Ahyry bir gün höwesimi aňan atam meni ussahanasyna özi çagyrdy. Men şonda guş bolup uçupdym. Şol höwesim hem meni gyz-da bolsam zergärlik hünärine ysnyşdyrdy.

Wagt geçdi, biz ulaldyk. Emma Gurbanlyk baýramy golaýlasa häli-häzir hem kalbyma täsin tolgunma aralaşýar. Gyz-gelinleriň ýakasyndaky Gün ýaly lowurdaýan gülýakalardyr bir enaýy alyn şaýlar, kökenli ýüzükler, tumardyr bilezikler meni öz gözelligine bendi edýär. Atamyň zergärçilik kesbini mazaly ele alanym üçin dogan-garyndaşlarymyň, joralarymyň biri durmuşa çykanda oňa hökman öz ellerim bilen ýasan kümüş şaý-seplerimden sowgat berýärin. Gurbanlyk baýramy adamlary bir-birine ýakynlaşdyrýar, ýatlary dostlaşdyrýar, dostlary doganlaşdyrýar. Men hem agzybirligiň we bagtyýarlygyň baýramy bolan Gurbanlyk baýramy bilen halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Ogulmaýsa ANNAÝEWA,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Aşgabat şäheriniň döwlet arhiwiniň maglumatlary goramak boýunça hünärmeni.
Beýleki habarlar