Üstünligiň aýdyň ýoly

18 Iýun 2024
324

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylary 2023—2024-nji okuw ýylyny oňat görkezijiler bilen jemlediler. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň halkara derejelerindäki olimpiadalara, ders bäsleşiklerine gatnaşyp, gazanan üstünlikleri hem şaýatlyk edýär. Şu günler bolsa mekdep okuwçylary tomusky dynç alyş möwsümini uly ruhubelentlik bilen ýurdumyzyň çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde geçirýärler. Merkezlerde çagalar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döreden ajaýyp mümkinçilikleriniň hözirini görýärler. Çagalar aýdym-saz, döredijilik, sport boýunça merkezara ýaryşlaryna gatnaşyp, wagtlaryny şadyýan geçirýärler. Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalar öz deň-duşlary bilen pikir alyşýarlar, dostlaşýarlar, täze okuw ýylynda üstünlikli okamagy maksat edinýärler.

Mekdep okuwçylarynyň şadyýan dynç almaklarynda mekdep mugallymlarynyň hem uly tagallalary bar. Täze okuw ýylyny has uly üstünliklere beslemegi maksat edinen mugallymlaryň işleri ileri. Has takygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 25-nji maýda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekmegi mugallymlary tüýs ýürekden buýsandyrdy.

Oguljahan ALAMYŞOWA,
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň umumy orta bilim bölüminiň baş hünärmeni.
Beýleki habarlar