«Ismim düşdi ilden-ile...»

18 Iýun 2024
257

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli medeniýetimize, medeni-ruhy gymmatlyklarymyza goýulýan sarpa uly many-mazmuna eýe bolýar. Milli gymmatlyklarymyza döwrüň beýik ruhunyň täsiri güýçli bolup, döwrebap garaýyşlar döreýär. Halkyň taryhy, medeniýeti, sungaty, halk döredijiligi, dili we edebiýaty eserlerde öz beýanyny tapýar. Ruhy gymmatlyklary döredýän şahsyýetler halkyň milliligini, özboluşlylygyny, tapawutly aýratynlyklaryny özünde jemleýän eserleri döredip, döwürleriň, eýýamlaryň, zamanalaryň jümmüşinde olary kämilleşdirip, nesillere bahasyz miras galdyrypdyrlar. Olar ähli döwürlere degişli bolup, nesilleriň aňynda ebedilik ýaşaýar.

Şeýle beýik şahsyýetleriň biri akyldar şahyrymyz we nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili Magtymguly Pyragydyr. Külli adamzat üçin şygryýet äleminiň ussady Magtymguly Pyragy ady, şöhrat-şany, beýik döredijiligi bilen ynsanlaryň aňynda hiç öçmejek yz goýan pähim-paýhas ummanydyr, gaýtalanmajak beýiklikdir, ägirt döredijiligi özbaşdak ylym hökmünde öwrenilmäge mynasyp beýik danadyr.

Baýramdurdy MEREDOW,
Ak bugdaý etrabynyň bilim bölüminiň baş hünärmeni, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy.
Beýleki habarlar