Eziz dilim, mähriban dilim

18 Iýun 2024
96

Ösüşiň kuwwatly güýji hökmünde ýurdumyzda ylma möhüm ähmiýet berilýär, bu ugurda döwrebap özgertmeler yzygiderli amala aşyrylýar. Her ýylyň 12-nji iýunynda giňden bellenilýän Ylymlar gününde ulgamda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler bütin aýdyňlygy bilen ýüze çykýar. Beýik söz ussadymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede uludan bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň Ylymlar gününiň tutumy has-da uly boldy.

Ylmyň dürli ugurlarynda bolşy ýaly, dil biliminiň işini netijeli ýola goýmakda, ösdürmekde, döwrebaplaşdyrmakda, baýlaşdyrmakda hem netijeli işler alnyp barylýar. Türkmen diliniň döwlet dili diýlip yglan edilip, kanun esasynda berkidilmegi netijesinde, Garaşsyzlyk ýyllarynda sözlük hazynamyz has-da baýlaşyp, onuň ulanylyş gerimi öňküden-de giňedi. Diňe bir özümizde däl, dünýä ýurtlarynda-da türkmen diline täzeçe garaýyşlar kemala geldi.

Maýagözel JEPBAROWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar