Abatlaýjylaryň abraýy artýar

17 Iýun 2024
138

Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny ýylsaýyn täze belentliklere götermekde we ýer jümmüşinden alynýan uglewodorod çig mallarynyň möçberlerini artdyrmakda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň müdirlikleri hem Balkan welaýatyndaky ojaklarda netijeli işleri amala aşyrýarlar. Önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden guýulary düýpli abatlap, täzeden hatara goşmakda bu kärhanalar şu ýylyň geçen hasabat döwründe tutuş konsern boýunça 59 müň tonna golaý «gara altynyň» hem-de 28,4 million kub metre barabar «mawy ýangyjyň» goşmaça çykarylmagyny üpjün etdiler. Abatlaýjylaryň goşmaça alan nebitiniň «Körpeje» gaz çykaryş, «Galkynyşnebit» we «Ýaşyldepe» nebit-gaz çykaryş müdirlikleriniň her biriniň gürrüňi edilýän döwürde gazanan netijelerinden has artyk bolandygyny hem aýratyn nygtamak gerek. Bu görnükli netije «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň buýsançly üstünliklere beslenýändiginden habar berýär. Muňa şu ýylyň geçen bäş aýynda abatlaýjylaryň irginsiz tagallalary netijesinde tutuş trest boýunça 164-e derek 205 sany guýynyň gaýtadan hatara goşulmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Gürrüňi edilýän döwürde trest boýunça goşmaça nebit almak baradaky meýilnamanyň 147,9 göterim, tebigy gaz babatda bolsa 222,1 göterim berjaý edilendigi aýratyn nygtalmaga mynasyp görkezijidir. Bu üstünlige Goturdepe, Barsagelmez we Gamyşlyja guýulary düýpli abatlaýyş toparlarynyň hünärmenleri has-da saldamly goşant goşmagy başardylar. Geçen bäş aýda trest boýunça gaýtadan hatara goşulan guýulardan goşmaça alnan nebitiň umumy möçberiniň 21 müň 290 tonnadan gowragy Goturdepe, 18 müň tonna barabary Gamyşlyja we 16,7 müň tonnadan köprägi bolsa Barsagelmez guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleriniň hünärmenleriniň paýyna düşýär.

Hojaberdi BAÝRAMOW,
«Nebit-gaz».
Beýleki habarlar