Halkyň aňynda ýaşaýar beýik Pyragy

17 Iýun 2024
67

Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragy öz döredijiligi bilen halkymyzy dünýä çykardy. Beýik şahyryň şanyna döredilen naýbaşy eserleriň awtorlary hem bu günki günde ýatlanyp sarpalanylýar. Akyldar şahyrymyzyň kanoniki portretini döreden Türkmenistanyň halk suratkeşi, professor, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragyň eýesi Aýhan Hajyýew hem ýagşylykda ýatlanylmaga degişli guýmagursak sungat ussatlarynyň biridir.

Aýhan Hajyýew 1924-nji ýylyň 26-njy aprelinde Bagyr obasynda doglan. Ol on bir ýaşyndaka iki dogan bolup ýetim galýarlar. Uly dogany Kakabaý bilen internata getirilýär. Dogany sazçylyk mekdebinde okaýar. Aýhan bolsa kiçilikden surat çekmek bilen gyzyklanýar. Ol 13 ýaşynda bütinsoýuz bäsleşikde ikinji orna mynasyp bolýar. «Ýaş hudožnik» žurnalynda işleri çap edilýär. Biz Gündogaryň beýik şahyry, akyldar Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýiniň ýurdumyzda giň gerimde bellenilýän günlerinde halypa suratkeşi ýatlap, onuň gyzy Oguljeren Hajyýewa bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi:

Akgül SAPAROWA,
«Nebit-gaz».
Beýleki habarlar