Magtymguly Pyragynyň şygyrlary — ynsan kalbynyň çyragy

16 Iýun 2024
62

Milli Liderimiziň başlangyjy hem-de hormatly Prezidentimiziň yzygiderli aladalary bilen türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň edebi eserlerini, halkyň milli-edebi gymmatlyklaryny gorap saklamaga, olary dünýäniň beýleki halklaryna ýaýmaga uly tagallalar edilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň «Watan hakyndaky müdimi owaz» atly bölüminde Magtymguly Pyragy hakynda: «Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, il-ulus, Watan hakyndaky köňül owazlary alyslara ýaň saldy» diýip belleýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik şahyryň sarpasy belent tutulýar. Olk diňe bir öz iliniň «sözlär tili» däl-de, eýsem, dünýä halklarynyň hem arasynda giňden tanalýar. Ussat Magtymgulynyň ömrüni we edebi mirasyny bu gün her jähetden çuňňur öwrenmeklige giň mümkinçilikler döredilýär. Magtymguly atamyz her bir mesele babatda geňeşçimiz, halypamyz, syrdaşymyz, «döwürdeşimiz» hökmünde biziň bilen bilelikde ýaşaýar. Beýik akyldarymyzyň döredijiligi uly terbiýeçilik ähmiýetine eýe bolup, onuň pendi-nesihatlary, öwüt-ündewleri ýaşlarymyz üçin ruhubelentligiň hem ynsanperwerligiň gymmatly edep-terbiýe mekdebidir.

Maýa AKMÄMMEDOWA,
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň direktorynyň orunbasary.
Beýleki habarlar