Uly mukdarda maýa goýar

16 Iýun 2024
72

«Amazon» kompaniýasynyň bir bölümi bolan «Amazon Web Servic­es» (AWS) ýakyn geljekde Taýwanda maglumat merkezlerini gurmak üçin uly mukdarda maýa goýar. Gürrüň birnäçe milliard amerikan dollary barada barýar. «The Wall Street Journal» neşiriniň habar bermegine görä, maýa goýum taslamasy 2025-nji ýylda başlanyp, ýakyn 15 ýyly öz içine alýar. Geljek ýyl Taýwanda ilkinji «Amazon Web Services» maglumat merkezi işläp başlar.

Mundan ozal, «Amazon Web Services» Singapurdaky bulut hyzmatlaryny giňeltmek üçin 9, Ýaponiýada bulut kuwwatyny artdyrmak üçin bolsa 15 milliard amerikan dollary möçberinde maýa goýmagy meýilleşdirýär.

Taýýarlan: Dinmuhammet GURTGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň maglumat howpsuzlygy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.
Beýleki habarlar